
Otagyňyzyň içi birahat, gutarnyksyz ýa boş görnüşe eýemi? Şular ýaly ýagdaýlarda otaga haly bilen rahatlyk, gözellik hem kaşaňlyk berip bilersiňiz. «Arzuw haly» dükanynyň hünärmenleri haly satyn almazdan ozal nämä üns bermelidigi hakynda gürrüň berýärler.
Halynyň haýsy otaga ýazyljakdygyna üns bermek hökmanydyr. Şonuň bilen baglylykda, onuň ölçegini, bezegini we görnüşini saýlap bolar. Meselem: uzyn süýümli halylar çaga üçin niýetlenen we ýatylýan otaglara laýykdyr. Girim-çykymyň has köp bolan ýerlerine ýazmak üçin ýylmanak süýümli halylar saýlanyp alynmalydyr.
Otagy haly önümleri bilen dolulygyna ýylatmak isleýäňizmi ýa-da olary diňe otagyň belli bir bölegine üns çekmek üçin peýdalanýaňyzmy? Birinji ýagdaýda halylaryň göwrümine üns bermek zerurdyr. Olaryň kömegi bilen uly bir otagy hem iki bölege bölüp bolar. Şonda kiçi ölçegli halyçalar ýumşak mebelleriň öňüne ýa-da žurnal stollarynyň aşagyna ýazylsa, has maksada laýyk bolar.
Haly satyn alnanda, diňe onuň daşky görnüşine däl, eýsem düzümine hem üns bermelidir. Ol halynyň berkligini kesgitleýän ilkinji görkezijidir. Iň oňat görnüş tebigy hem sintetik materiallar garyşdyrylyp dokalan halylardyr. Eger-de esasy maksadyňyz otagy bezemekden ybarat bolsa, onda tebigy halylary saýlaň. Çünki olar näzikligine garamazdan, kaşaň hem janly görnüşi döredýärler.
Reňkine görä haly saýlanyňyzda, şulary ýatdan çykarmaň:
«Arzuw haly» dükany Türkiýäniň, Eýranyň we Türkmenistanyň iň öňdebaryjy haly kärhanalary bilen hyzmatdaşlyk edýär. Bu ýerdäki harytlaryň görnüşi yzygiderli täzelenip, iň döwrebap halylar bilen üsti ýetirilýär.
«Arzuw haly» dükanynyň harytlary bilen onuň sosial ulgamy arkaly tanşyp bilersiňiz.
Çeşme: komiinform.ru.
Şeýle-de okaň: