Awtoulagy satyn alyp, onuň her bir eýesi salondan ýa-da elden satyn alandygyna garamazdan abatlaýyş işleri üçin şaýlary nireden almalydygy barada pikirlenmeli bolýar. Häzirki wagtda özi toplumlaýyn ýa-da satuw boýunça firma bazarlarda saýlawyň giň meýdanynyň barlygy belli bir derejede kynçylyk döredýär. Bu makalada awtoulag üçin gerekli şaýlary nädip amatly we çalt ussatlyk bilen saýlamalydygyny özara alyp maslahatlaşalyň.

Şaýlaryň awtomobil gurluşyk zawodynyň nyşany bar bolan, ýagny asyl nusgaly we garaşsyz kärhanalar tarapyndan öndürilýän original şaýlara meňzeş original däl we üçünjiden ulanylan awtoşaýlar görnüşiniň bolýandygyndan başlalyň.
Asyl nusgaly/original şaýlar beýlekilerden tapawutlylykda örän gymmat bolýar, ýöne hil standartyna laýyk gelýär.
Asyl nusga bolmadyk/original däl şaýlary hem öndürijiniň, hem gaplaýjylaryň markasy bilen öndürilip bilner. Şeýle şaýlaryň hili tapawutlanýar, we, kada boýunça, ulanylan inomarkalary ýa-da täze awtoulaglar üçin eýeleri özleri üçin original şaýlary saýlaýarlar.
Saýlawyň dowamynda ätiýaç şaýlaryň öndürilen ýeri wajyp ähmiýete eýe bolýar. Biziň bazarymyzda awtoşaýlaryň amatly dükanlarynyň köpüsi hereket edýär, mysal üçin, “Lemforder” dükany, ol Mercedes-Benz, BMW, Audi, Volkswagen ýaly nemes awtoulaglary üçin niýetlenen awtoşaýlaryň giň görnüşini hödürleýär. Bu dükan Türkmenistanyň bazarynda 10 ýyldan bäri hereket edýär. Özünde bar bolan şaýlardan başga-da, dükan gönüden-göni Hengs filter, Mahle, Bosch, Zf, Elring, Corteco, Meyle, Textar, Brembo, Osram, Ctr ýaly kärhanalardan getirilýän ýokary hilli we asyl nusgaly original harytlary sargama hyzmaty hem ýerine ýetirýär.
Awtoşaýlaryň hilini özbaşdak nädip saýlamaly?
Asyl nusgaly şaýlar, olara meňzeşler ýa-da galplaşdyrmasy – bularyň ählisi kim tarapyndan we nirede öndürilendigine bagly bolup durýar.
Şu aýdylanlara esaslanyp, awtoşaýlaryň satuw boýunça ynamly nokada ýüz tutmaly diýen netijäni çykarmak bolar, muňa “Lemforder” dükanyny mysal hökmünde getirmek bolar, we awtoulaglaryň abatlaýyş işleri üçin zerur şaýlaryň hiline hemişe ynanyp bilersiňiz. Bu bolsa örän wajypdyr, esasan hem awtoulagyň eýesi onuň abatlaýyş işlerini öz eli bilen ýerine ýetirende.
Şaýlaryň haýsysyny saýlamak ýerlikli bolar?
Netijede, jemleýji pikir ýene-de awtoulagyň eýesine galýar, ýöne täze awtoulagyň şaýlaryny satyn almakda tygşytlamak ýerlikli däl we awtoşaýlary dükanyny saýlanda wagt we hil barlagyny geçen ynamly dükanlara ýüzlenmek maslahat berilýär.