Turkmenportal logo

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÝANYNDAKY DÖWLET GULLUGY AKADEMIÝASY

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÝANYNDAKY DÖWLET GULLUGY AKADEMIÝASY

Institut barada maglumat

2026/2027-nji okuw ýyly üçin magistr bilim maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:

I. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: döw­let do­lan­dy­ryşy, yk­dy­sa­dy we ma­li­ýe do­landy­ry­şy, san­ly do­lan­dy­ryş; iş­gär­le­ri do­lan­dyr­mak). II. Hukuk işi (taýýarlygyň ugry: kons­ti­tu­si­ýa huku­gy; ad­mi­nist­ra­tiw hu­ku­gy; mag­lu­mat hu­ku­gy). III. Bilim we pedagogika (mugallymçylyk) ylymlary (taýýarlygyň ugry: ylym we bi­lim iş­le­ri­ni dolan­dyr­mak). Okuwlar türkmen dilinde geçirilýär we tölegli esasda alnyp barylýar. Akademiýa taýýarlygyň «Döwlet dolandyryşy», «Ykdysady we maliýe dolandyryşy» we «Işgärleri dolandyrmak» ugurlary boýunça dolandyryş, ykdysadyýet we maliýe çygrynda ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, taýýarlygyň «Sanly dolandyryş» ugry boýunça dolandyryş, ykdysadyýet we kompýuter tehnologiýalary çygrynda ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, taýýarlygyň «Konstitusiýa hukugy», «Administratiw hukugy» we «Maglumat hukugy» ugurlary boýunça hukuk we halkara gatnaşyklar çygrynda ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, «Ylym we bilim işlerini dolandyrmak» ugry boýunça pedagogika, ylym we bilim çygrynda ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry Aşgabat şäherinde 2026-njy ýylyň 13 — 26-njy iýuly aralygynda kabul edilýär. Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy: — bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza; — bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); — ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgalary (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar); — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; — soň­ky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; — 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; — işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi; — magistr maksatnamasy boýunça okuwa girmegiň maksadynyň beýany (beýan türkmen dilinde ýazylmaly we 500 sözden köp bolmaly däl). Bulardan başgada-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: — pasportyny; — harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Akademiýanyň resminamalary kabul edýän iş topary zerur bolan ýagdaýynda dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa ka­bul edil­mek akademiýada (Aşgabat ş.) 2026-njy ýylyň 28 — 31-nji iýuly aralygynda geçirilýär. Gi­riş sy­nag­la­ry ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda şu aşakdaky dersler boýunça döwlet dilinde geçirilýär: taýýarlygyň ugurlary: «Döw­let do­lan­dy­ryşy», «Ykdy­sa­dy we ma­li­ýe do­lan­dy­ry­şy», «Iş­gär­le­ri do­landyr­mak», «Kons­ti­tu­si­ýa hu­ku­gy», «Ad­mi­nist­ra­tiw hu­ku­gy», «Mag­lu­mat hu­ku­gy», «Ylym we bi­lim iş­leri­ni do­lan­dyr­mak» — jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary, Türkmenistanda döwletiň we hukugyň esaslary; taýýarlygyň ugry: «San­ly do­lan­dy­ryş» — kompýuter sowatlylygy, Türkmenistanda döwletiň we hukugyň esaslary. Bellenilen wagtda giriş synagyna esassyz sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça magistr maksatnamasyna talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan saýlan taýýarlygynyň ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar peýdalanýarlar.

Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentiniň ýa­nyn­da­ky Döw­let gul­lu­gy aka­de­mi­ýa­sy­nyň sal­gy­sy: Aş­ga­bat şä­he­riniň, Bag­ty­ýar­lyk et­ra­by, Gö­rog­ly kö­çe­si, 88, tel.: 39-37-43, 39-37-44.