Turkmenportal logo
03.10.2026
1294112941
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Anatoliý Kaşpirowskiý 88 ýaşynda aradan çykdy

Russiýaly meşhur psihoterapewt we telegepleşik alypbaryjysy Anatoliý Kaşpirowskiý 88 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada teležurnalist Andreý Malahowa salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.

Kaşpirowskiý 1980-nji ýyllaryň ahyrynda telegepleşik arkaly gipnoz bejergilerini geçirip, tomaşaçylara kesellerden gutulmagy söz berýärdi. Onuň dykgatly garaýşy tutuş Sowet Soýunyň raýatlaryny telewizorlaryň öňünde toplaýardy. «Psihoterapewt Anatoliý Kaşpirowskiniň ilkinji saglyk çykyşlaryna» 300 million adam seretdi.

Hünärmen psihiatrlar aňyna täsir edip bolmaýan adam ýok, käbirlerine birnäçe gipnoz seanslaryny etmeli bolýar, käbirlerine birje gezek barmagyňy şyrkyldatsaň ýeterlik, ol eýýäm gipnotiki uka gidýär diýýärler.

Kaşpirowskiniň meşhurlygy diňe teleýaýlym bilen çäklenmeýärdi, ýurda aýlanyp, konsert zallarynda, zawod meýdançalarynda we stadionlarda çykyş edýärdi, onuň teleseanslarynyň ýazgylary wideokassetalarda ýaýradylýardy.

Mundan bir ýyl öň psihoterapewtiň gyzy dünýä indi. Kaşpirowskiý bilen onuň aýaly Gülzar gyz perzent barada köpden bäri arzuw edipdi.