Turkmenportal logo
Düýn 15:13
62596259
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda «Ak şäherim Aşgabat» XXV halkara sergisi we maslahaty açyldy

Türkmenistanyň paýtagtynda «Ak şäherim Aşgabat — 2026» (WCA 2026) XXV halkara sergisi we maslahaty badalga aldy. Çäre 24-25-nji maýda «Olimpiýa» myhmanhanasynda we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýär.

Däp bolşy ýaly, Aşgabadyň gününe bagyşlanan bu forum şäher ösüşi, binagärlik, düzüm we maýa goýum hyzmatdaşlygy meselelerine gönükdirilendir. Şu ýyl forum «Binagärlik. Innowasiýalar. Durnukly ösüş» şygary astynda geçirilýär.

Maslahatyň işine döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň, maliýe institutlarynyň, gurluşyk we inženerçilik kompaniýalarynyň wekilleri, şeýle hem binagärler, inženerler we tehnologiýa üpjünçileri gatnaşýarlar.

Formuň gün tertibine şäher gurluşygyny ösdürmegiň strategiýalary, «akylly şäher» tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, durnukly ulag ulgamlary, jemagat düzüminiň — suw, ýylylyk we energiýa üpjünçilik ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, şeýle-de energiýa netijeliligi we innowasion gurluşyk serişdeleri bilen baglanyşykly temalar girizildi. Aýratyn bölüm maýa goýumlaryny çekmegiň gurallaryna we döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygynyň nusgalaryna bagyşlandy.

Forumyň öňde goýan maksatlarynyň hatarynda Aşgabadyň binagärlik we şäher gurluşyk babatdaky üstünliklerini tanyşdyrmak, «akylly» Arkadag şäheriniň taslamalaryny öňe sürmek, şeýle hem gurluşyk we tehnologiýa ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek bar.