«Senagat Tehnologiýalary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti «Ak şäherim Aşgabat» XXV halkara köpugurly sergisinde ilkinji gezek fandomatlary — utgaşdyrylan bonus ulgamly, plastik we alýumin gaplary kabul edýän awtomatlary tanyşdyrdy.
Bu enjamlar göwrümi iki litre çenli bolan boş, gury we arassa çüýşeleri hem-de bankalary kabul edýär. Tabşyrylan her bir gap üçin ulanyjylara kompaniýanyň häzirki wagtda işläp taýýarlaýan «Eko Ädim» ykjam goşundysynda bonus ballary berilýär. Toplanan ballary dürli onlaýn hyzmatlaryň tölegi üçin çalyşmak bolýar.
«Senagat Tehnologiýalary» AGPJ-niň sergidäki wekili bu barada şeýle belleýär:
— Fandomatlar Türkmenistanda galyndylary aýratynlykda ýygnamak medeniýetini kemala getirmekde möhüm ädimdir. Biziň wezipämiz — ikilenji çig maly tabşyrmak işini paýtagtyň ýaşaýjylary üçin mümkin gurluşyça ýönekeý we elýeterli etmekdir. Ykjam goşundy bilen utgaşdyrylmagy diňe bir daşky gurşawy goramaga goşýan goşandyňa gözegçilik etmäge däl, eýsem onlaýn hyzmatlar üçin bonuslar görnüşinde hakyky peýda almaga hem mümkinçilik berýär.
Kompaniýanyň wekiliniň sözlerine görä, bu enjamlar gaplary tanamakda döwrebap ulgamy bilen üpjün edilendir, bu bolsa şikes ýeten ýa-da hapa gaplaryň kabul edilmeginiň öňüni alýar. Ol sözüniň üstüne: «Biz ilki bilen Aşgabadyň merkez düzüminde synag taslamasyny başlatmagy, soňra bolsa fandomatlar ulgamyny bütin şäher boýunça kem-kemden giňeltmegi meýilleşdirýäris» diýip goşdy.
«Senagat Tehnologiýalary» AGPJ Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi hem-de ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine girýän «Algap» hususy kärhanasy tarapyndan bilelikde döredildi.
Öň habar berşimiz ýaly, 24-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda ýurduň baş şäheriniň 145 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan «Ak şäherim Aşgabat» XXV halkara köpugurly sergi öz işine başlady. Sergi meýdançasynda senagat, gurluşyk, energetika we tehnologiýalar ulgamlaryna degişli bolan 180-den gowrak kompaniýanyň önümleri görkezilýär.