Turkmenportal logo
Düýn 22:27
80018001
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Täjigistanyň Oliý Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Awazada geçiriljek halkara çärelere çagyryldy 
Surat: mejlis.gov.tm

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 60-njy plenar mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Täjigistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Faýzali Idizoda bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berildi.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändigini hem-de bu gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti bilen berkitmäge we ösdürmäge giň mümkinçilikleriň döredilýändigini bellediler. 

D.Gulmanowa iki ýurduň halklaryny gadymyýetden gelýän taryhy kökleriň, medeni we ruhy umumylyklaryň baglanyşdyrýandygyny, häzirki wagtda özara hormat goýmaga, ynanyşmaga we deňhukuklylyga esaslanýan bu gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini belledi. 

Duşuşygyň dowamynda halkara parlament meýdançalarynda birek-biregiň başlangyçlarynyň goldanylmagy, kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmagy, parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň işjeňleşdirmegi, ugurdaş komitetleriň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, zenan we ýaş parlamentarileriniň arasynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, birek-biregiň çärelerine wekilleriniň gatnaşmagy, wekiliýetleriň saparlarynyň guralmagy hem-de duşuşyklaryň geçirilmegi goldanyldy.

D.Gulmanowa Faýzali Idizodany Türkmenistanyň GDA-da hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara çärelere gatnaşmaga çagyrdy.