Turkmenportal logo
Düýn 14:03
1320113201
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen wekiliýetiniň «Belagro» sergisine gatnaşmagyna garaşylýar

Belarusyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stanislaw Çepurnoýyň pikirine görä,  belarus we türkmen öndürijileriniň biri-birine hödürlemäge teklipleri köp. Bu barada ilçiniň sözlerine salgylanyp,  «BELTA» habar berýär.

«Ýurtlarymyzyň arasynda durnukly söwda-ykdysady gatnaşyklar bar. Ykdysadyýetlerimiziň köp babatda biri-biriniň üstüni doldurýandygyny aýtsak, hakykatdan daş düşmeris. Bu bolsa dürli ugurlarda hyzmatdaşlygymyzy has-da giňeltmek üçin oňat mümkinçilikleri şertlendirýär. Hususan-da, senagat, oba hojalygy, ulag-infrastruktura we logistika ulgamlary babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly mümkinçilikler bar. Soňky ýyllarda özara söwda dolanyşygynyň möçberi yzygiderli artýar. Türkmenistanda Belarusuň süýt, derman senagaty we agaç işleýiş önümlerine isleg uly. Türkmenistandan Belarusa iberilýän harytlaryň möçberi hem artýar. Özara haryt akymlary logistikany ýeňilleşdirýär we özara hasaplaşyklary optimallaşdyrýar. Belarus we türkmen öndürijileriniň biri-birine hödürlemäge zady köp we biz muny işewürlik saparlarynyň, şeýle hem dürli köpugurly we ýöriteleşdirilen sergi-kongres çärelerine gatnaşmak üçin Belarusyň kärhanalarynyň wekilleriniň Türkmenistana edýän saparlarynyň dowamynda aýdyň görýäris» diýip, Stanislaw Çepurnoý belledi.

Ilçiniň bellemegine görä, Türkmenistanda oba hojalygyny ösdürmäge, azyk howpsuzlygyny güýçlendirmäge, ulag infrastrukturasyny ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Belarus kärhanalary bu babatda öz tehnologiýalaryny we tejribesini hödürlemäge taýýardyr. Şol sanda agrosenagat toplumy babatda hem belarus tarapy hyzmatdaşlyga taýýar. Häzirki wagtda türkmen wekiliýetiniň «Belagro» sergisine gurajak saparyna seredilýär.

Ilçiniň sözlerine görä, belarus tarapy Türkmenistanda öndürilýän möwsümleýin oba hojalyk önümlerine — gök-bakja, miwe we hoz önümlerine gyzyklanma görkezýär.