Toparyň yklym ýaryşynda henize çenli geçiren duşuşyklarynda 12 ýeňiş, 11 deňlik we 5 utulyş bar.
"Altyn asyr" AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşlarda garşydaş derwezelere jemi 45 pökgi geçirdi, topar öz derwezesinde bolsa 27 pökgi gördi.
Altymyrat Annadurdyýew bilen Myrat Ýagşyýew "Altyn asyryň" düzüminde AFK-nyň kubogynda iň köp tapawutlanan futbolçylardyr. Bu futbolçylaryň birinjisi şu ýaryşda "Altyn asyryň" düzüminde oýnan ýyllarynda 12, ikinjisi bolsa 11 gezek tapawutlandy.
Ýeri gelende aýtsak, AFK-nyň kubogynda "Altyn asyryň" düzüminde jemi 14 futbolçy tapawutlandy.
Yzda galan duşuşyklarda "Dordoýyň" derwezesine Altymyrat Annadurdyýew 2, Myrat Ýagşyýew 1 pökgi geçirdi. Şeýle hem gyrgyz toparynyň derwezesinden Arslanmyrat Amanow 2, Annasähet Annasähedow 1 pökgi geçirdi.
Ertirki duşuşyk "Altyn asyryň" "Dordoý" bilen geçirjek dördünji duşuşygy bolar. Yzda galan 3 duşuşygyň ikisi "Altyn asyryň" ýeňşi bilen, biri bolsa deňme-deňlikde tamamlandy. Olardaky pökgi gatnaşygy: 6/1 - "Altyn asyryň" peýdasyna.
"Altyn asyryň" bu ýaryşda jemi 12 topar bilen duşuşyklary geçirendigini hem ýatlatmak gerek. Olar 10 döwlete wekilçilik edýärler. Ertir "Altyn asyr" Gyrgyz Respublikasynyň toparlary bilen 8-nji duşuşygyny geçirer.