Ýadyň görnüşleri: beýnimiz maglumatlary nädip saklaýar

0
13762

Ýat — beýniniň wakalar we olara bolan täsirler baradaky maglumatlary saklamak, ulanmak hem-de üýtgetmek ukybydyr. Ol öwrenmek, üns jemlemek, birnäçe işi birbada amal etmek ukybymyzy kesgitleýän akylyň binýadydyr.

Adamda ýadyň nähili görnüşleri bolýar we olaryň tapawudy nämede?

Uzak möhletleýin ýat — uzak wagtlap, käte adam ömrüniň bütin dowamynda maglumatlary saklaýan ýatdyr. Ol bilimlerimizi, başarnyklarymyzy, ýatlamalarymyzy we tejribelerimizi hakydada saklamaga jogapkärdir.

Uzak möhletleýin ýada mysallar:

- bilimler we faktlar. Kitaplardan, makalalardan, leksiýalardan we beýleki çeşmelerden alnan maglumatlary ýatda saklaýarys. Mysal üçin, Fransiýanyň paýtagtynyň Pariždigini, 2 + 2 = 4 ýa-da Ýeriň planetadygyny ýadymyzdan hiç haçan çykarmaýarys.

- başarnyklar. Tigir sürmek, suwda ýüzmek, saz guralyny çalmak ýa-da daşary ýurt dilinde gürlemek ýaly dürli başarnyklary ýerine ýetirmegi öwrenýäris.

- ýatlamalar. Geçmişde özümiz bilen bagly bolup geçen möhüm pursatlary, mysal üçin doglan günleri, baýramçylyklary, käbir durmuş wakalaryny ýat bekleýäris.

- tejribe. Ýalňyşlyklarymyzdan we üstünliklerimizden sapak alýarys. Mysal üçin, tigiriňizden bir gezek ýykylan bolsaňyz, indiki gezek has seresap bolarsyňyz.

Gysga möhletleýin ýat — maglumatlaryň wagtlaýyn saklanylyşy. Maglumat adamyň indiwidual häsiýetli aýratynlyklaryna baglylykda, aňda bäş-ýedi minut saklanýar. Ondan soň maglumatlar düýbünden ýatdan çykarylýar ýa-da uzak möhletleýin ýada geçirilýär.

Gysga möhletleýin ýada mysal:

- telefon belgisini ýatda saklamak. Belgini ýazýarys ýa-da telefonda aýlaýarys.

Operatiw ýat aýratyn alnan ýagdaýlarda ulanmak üçindir. Belli bir işi ýerine ýetirmek ýa-da bir meseläni çözmek zerur bolsa, maglumat adamyň beýnisinde birnäçe gün saklanyp bilýär. Hereketler birnäçe gezek gaýtalanýan bolsa, bu maglumatlar operatiw ýatdan uzak möhletleýin ýada geçirilýär.

Mysal üçin, algebra meselelerini ökde çözen çaga ynsanperwer ugurly uniwersitete girenden soň, matematiki endikleri ulanmaýar we ýadyndan çykarýar.
Hereketlendiriji ýady — adamyň dürli hereketleri ýat tutmak, olary saklamak we ulanmak ukybydyr. Onuň kömegi bilen ýöremegi, ýazmagy, saz gurallaryny çalmagy we hereketleriň utgaşdyrylmagyny talap edýän beýleki hereketleri ýerine ýetirmegi öwrenýäris.

Obrazly ýadyň durmuşda duş gelýän ýerleri — yslary, tagamlary we sesleri ýatda saklamak bilen baglydyr. Ol hem öz gezeginde ýadyň birnäçe görnüşini öz içine alýar: wizual, eşidiş, degiş, tagam we taktil.

Obrazly ýada mysallar:

- eneň bişiren çöregi çagalyk döwrüňi ýadyňa salyp biler.

- bägüle sereden mahalymyz biz biygtyýar onuň ysyny göz öňüne getirýäris.

Emosional ýat biziň duýgularymyzy we emosiýalarymyzy ýatda saklaýar we gerekli ýerinde ulanýar. Bu özümizi alyp barşymyzda möhüm hyzmata eýe bolup, bize lezzet berýän we negatiw duýgulary döredýän hereketlerden gaça durmagy höweslendirýär.

Sözleýiş-logiki ýady — sözleriň yzygiderliligini, hekaýalardaky ýa-da filmlerdäki hereketleri, işdäki pikirleriňizi ýatda saklamaga we soňra olary ulanmaga mümkinçilik berýär.

Peýdalanylan çeşmeler: advance.ru; smartykids.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar