Soňky habarlar

Arhiw

Maşgala bolup Täze ýyl kökesini bişirýäris

0
43203

Tutuş maşgala bolup öýde bişirilýän kökejikleri taýýarlamak diňe bir datly süýjüligi taýýarlamak däl. Bu bilelikde wagtyňy hoş geçirmek, söhbet etmek we el hünäriň bilen täze bir tagamy döretmek üçin mümkinçilikdir.

Täze ýyl kökelesiniň taýýarlanylyş usullaryny size hödürleýäris.

Zenjebilli köke

Surat: pinterest.com 

Goşundylar:
Un - 200 gr;
Mesge ýagy - 100 gr;
Şeker - 100 gr;
Towuk ýumurtgalary - 1 sany;
Ary baly - 3 nahar çemçesi;
Iýmitlik sodasy - 0,5 nahar çemçesi;
Zenjebil tozy - 2 nahar çemçesi;
Gwozdika - 0,5 nahar çemçesi;
Owradylan dalçyn - 1 nahar çemçesi.

Uny zenjebil, dalçyn, gwozdika we soda bilen garmaly. Soňra elekden geçirmeli. Otag temperaturasynda ýagy şeker bilen garmaly, garyndynyň içine ýumurtgany, ary baly goşuň we çişýänçä bulamaly.

Soňra bölekleýin uny goşuň we mikser ulanyp, ýag bilen bilelikde gowy edip garmaly. Alnan hamyry iýmit plýonkasyna dolap, sowadyjyda 1-1,5 sagatlap goýmaly.

Hamyry togalap, kökeleriň şekillerini ýasamak üçin kesijilerden peýdalanmaly. Kökeleri 180 gradus gyzgynlykda 5-7 minutlap bişirmeli.

Şekerli kökeler

Surat: pinterest.com

Goşundylar:
Un - 2,5 käse;
Duz - 1 nahar çemçesi;
Mesge ýagy - 220 gr;
Towuk ýumurtgasy - 1 sany;
Şeker tozy - 1 käse;
Wanil ekstrakty - 1 çemçe;
Mindal ekstrakty - 1 nahar çemçesi. (apelsin sedrasy bilen çalşyp bolar);
Şeker - bir çümmük
Iýmit reňk berijisi - ½ çemçe.

Uny we duzy garyp, bir gapdalda goýuň. Mesge ýagy we şeker tozuny ýumşaýança mikser bilen ýuwaş-ýuwaşdan bulaň. Soňra tizligi ýokary derejä çykaryň, garyndyny ýeňil we çişýänçä 1 minut töweregi garyň.

Ýumurtgany, mindal ekstraktyny (ýa-da apelsin sedrasy) we wanil ekstraktyny goşuň-da, garyň. Soňra hamyr galňaýança emele gelen garyndynyň içine un goşuň. Hamyry iki bölege bölüň.

Hamyryň ýarysyna iýmit reňk berijisini goşup, ýeterlik derejede garyň. Munda dürli reňkleri ulanyp bilersiňiz. Her bölegi ýapyk plýonka bilen örtüp, sowadyjyda 3-4 sagatlap goýuň.

Karamelli kökäniň şekilini emele getirmek üçin iki gapdalyndan az mukdarda hamyr goýuň. Elleriňizi ulanyp, takmynan 12 sm uzynlygyndaky inçe kolbasa şekiline öwrüň. Olary örüp kökejikleri döediň. Muny galan hamyryň ähli bölegi bilen ýerine ýetiriň.

Kökeleri 180°C-e çenli gyzdyrylan peçde 8-10 minutlap gyzgylt öwüsýänçä bişiriň. Taýýar kökeleri şeker tozy bilen bezäp bilersiňiz.

«Täze ýyl gülleri» kökeleri

Surat: lifehacker.ru/Charles Brutlag/Shutterstock

Goşundylar:
Mesge ýagy - 120 gr;
Marşmallow ýa-da ýumşak zefir - 30 sany uly bölek;
Ýaşyl iýmit reňkleýji - 1 ½ çemçe;
Wanilin - pyçagyň ujunda azajyk;
Mekgejöwen hlopýasy - 350 gr;
Pergamenti ýaglamak üçin ösümlik ýagy;
Gyzyl draže - bezeg üçin.

Gazanda ýagy erediň, marşmellowlary goşuň we doly ereýänçä garyň. Zefirleri ulanýan bolsaňyz, ownuk böleklere bölüp gazana dograp, azajyk suw goşuň.

Gazany otdan aýryň-da, iýmit reňk berijisini, wanilini hem-de mekgejöwen hlopýalaryny goşuň. Gowy edip garyň.

Garyndyny bir nahar çemçesi bilen alyp, ösümlik ýagy bilen ýaglanan pergamentiň üstüne goýuň. Garyndy sowaýança, onda elimiz bilen Täze ýyl gül desselerini döredýäris, soňra bolsa draže bilen bezeýäris.

Kökeleri otag temperaturasynda pergamentde sowatmak üçin goýuň.

Şeker kökejikleri

Surat: pinterest.com 

Goşundylar:
Mesge ýagy - 180 gr;
Şeker - 200 gr;
Ýumurtga - 1 sany;
Wanilin - pyçagyň ujunda azajyk;
Un - 320 gr;
Gabartma tozy - 1 nahar çemçesi;
Iýmitlik sodasy - ½ çemçe;
Duz - ½ çemçe;
Owradylan muskat hozy - ¼ çemçe;
Gaýmak - 140 ml.

Ýag bilen şekeri krem görnüşine gelýänçä garmaly. Ýumurtga bilen wanili goşup, ýene-de garmaly. Uny, gabartma tozy, iýmitlik sodany, duzy, muskat hozuny we gaýmagy goşup, hamyr ýugurmaly. Ony plýonka bilen örtüp, bir gijeläp, ýa bolmasa-da azyndan 2 sagatlap sowadyň.

Hamyry giňişleýin ýaýyp, galyplary ulanyp şekilleri dörediň. Kökeleri pergament bilen örtülen örtügiň üstünde goýuň we 180°C-e çenli gyzdyrylan peçde 10-12 minutlap bişiriň. Ýalpyldawuk öwüşgin goşmazdan ozal, kökeleri sowadyň.

«Gar topjagazlary» kökesi

Surat: lifehacker.ru/Gts/Shutterstock 

Goşundylar
Mesge ýagy - 220 gr;
Şeker - 5 nahar çemçesi;
Wanillin - pyçagyň ujunda azajyk;
Duz - ¼ çemçe;
Un - 240 gr;
Hoz (owradylan) - 240 gr;
Şeker tozy - 200 gr.

Ýag bilen şekeri mikser bilen krem görnüşine gelýänçä garyň. Oňa wanilin bilen duz goşuň. Hamyry yzygiderli garmak bilen, az-az mukdarlarda yzygiderli un goşuň. Soňra hozy goşup, gowy edip garyň. Hamyry plýonka bilen örtüň we holodilnikde 45 minut goýuň.

Sowadylan hamyrdan ownuk topjagazlary emele getiriň, soňra olary pergament bilen örtülen örtügiň üstüne örüň. Kökeler gyzarýança 180°C-e çenli gyzgynlykdaky peçde 12–14 minutlap bişirmeli. Gaty uzak wagt hem goýmaň, ýogsam toplaryň döwülmegi mümkindir.

Onsoň gyzgyn kökejikleri şeker tozy bilen togalaň. Sowadylandan soň hem bu ýagdaýy gaýtalaň.

Şeýle hem «Turkmenportal» web saýtynyň okyjylary üçin «Datly arçajyklar: tiz taýýarlamak üçin ýönekeý taýýarlanylyş usuly» diýen makala-da ylham çeşmesi bolup biler.

Peýdalanylan çeşmeler: letidor.ru; lifehacker.ru; 1000.menu; eda.ru 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar