Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Leniniň Aşgabatdaky ýadygärligi — öten ýyllaryň täsin binagärlik nusgasy

0
57857

Wladimir Leniniň Aşgabatdaky ýadygärligi — türkmen paýtagtynyň meşhur maddy gymmatlyklarynyň biridir. Ol diňe bir dünýä proletariatynyň lideriniň dünýä ýüzünde saklanyp galan az sanly ýadygärlikleriň biri bolman, eýsem, Aşgabadyň medeni mirasynyň bir bölegi bolmak bilen, döwlet tarapyndan goraglydyr.

Bu ýadygärligiň esasy tapawutly aýratynlygy onuň daşky görnüşi bolup, nagşyny türkmen halkynyň esasy bäş tiresiniň haly gölleri gaýtalaýan kub görnüşindäki postament maýolikaly plitalar bilen bezelipdir. Adamlar bu ýadygärligi ilkiler «mawzoleý» diýip atlandyrýardylar, çünki SSSR döwründe ýadygärligiň aşagyndaky kiçijik binada Leniniň hormatyna, şeýle-de Türkmenistanda Sowet häkimiýetiniň berkarar edilmegine bagyşlanan muzeý bardy.

Leniniň Aşgabatdaky ýadygärligi Oktýabr rewolýusiýasynyň 10 ýyllygy mynasybetli 1927-nji ýylyň 7-nji noýabrynda açyldy. Ony bina etmek karary 1924-nji ýylda TSSR-niň MK-nyň ilkinji ýolbaşçysy Nedirbaý Aýtakow tarapyndan, edil Leniniň ölüminden soňra yglan edildi.

Ýadygärligiň gurluşygynyň başlanan ýerine ozal gimnaziýa diýilýärdi. Soňra ýadygärligiň töwereginde çüwdürimler bilen meýdança gurlup, “Lenin meýdançasy” diýlip atlandyryldy, şol wagtlar bu ýerde pionerlige kabul etmek dabaralaryny geçirmek däbe öwrüldi.

Bu üýtgeşik ýadygärligi döredenler — heýkeltaraş E.Tripolskaýa, binagär A.Karelin we keramist N.Nazarowdyr. Tripolskaýa W.Kozlowyň döreden bu heýkel keşbini az-kem üýtgetdi. Ýadygärligi guýmak üçin Baýramaly şäherindäki ozalky şa emläklerinden alnan bürünç toplar eredildi. Heýkeltaraşlyk kiçijik ussahanada el bilen guýuldy, bu işe demir ýol gurluşygynyň öňki işgäri A.Dwoýnikow işjeň gatnaşdy.

Postamenti haly şaý-sepleriniň şekili bilen maýolika esasynda örtmek pikiri Andreý Kareline degişlidir. Ol meşhur suratçynyň ogly bolup, özi hem surata düşürerdi, surat çekerdi, Peterburgyň sungat akademiýasyny tamamlady, sungat, pedagogika we muzeý işlerini guramak temalarynda köp sanly makalalary ýazdy.

Karelin Aşgabat şäherine sowuk we çygly rus howasyny yssy hem-de gurak şert bilen çalyşmagy talap edýän böwrek keseli sebäpli göçüp geldi. Aşgabatda Karelin döwlet nyşanlaryny işläp düzmek boýunça komissiýa hem gatnaşdy, 1926-njy ýylda bolsa onuň taslamasyna laýyklykda, Türkmen SSR-niň tugrasy tassyklandy.

Karelin keramikaçy Nazarow bilen bilelikde adaty gündogar maýolika önümçiligini gaýtadan janlandyrmagy başardy. Munda tejribeli ussalaryň Eýran şäherlerindäki binalaryň diwarlaryny bezän eserleri esas hökmünde kabul edilip alyndy. Ýadygärligi bezän plitkalaryň hili şeýle bir ýokary bolup, hatda olara 1948-nji ýyldaky weýrançylykly Aşgabat ýer titremesinde-de zeper ýetmändir.

Leniniň Aşgabatdaky ýadygärligi uzak ýyllaryň dowamynda Aşgabadyň esasy nyşanlarynyň biri bolup geldi, ol çakylyklarda, bukjalarda, markalarda, Türkmenistanyň paýtagty boýunça ýolgörkezijilerde şekillendirildi. Şu günki günde hem ol şäheriň özünde hiç hili ideologik häsiýeti saklamaýan, emma gadymyýetden ýetip gelen türkmen göllerini alamatlandyrýan iň täsin binalarynyň biri, geçmiş taryhyň ýadygärligi bolup durýar.

Peýdalanylan çeşmeler: infoabad.com

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar