Soňky habarlar

Arhiw

Ýiti aňyň tötänleýin 15 alamaty

1
19524

Aslynda «akylly adam» diýlip kim göz öňüne tutulýar? Käbirleri üçin bu ylym bilen meşgullanýan ýa-da pelsepe bilen gyzyklanýan adamdyr, başga birleri üçin bolsa durmuş şertlerinden nähili peýdalanmalydygyny bilýänlere akylly diýilýär.

Size ýetirýän şu makalamyzda özüňizi synap boljak akylly adamyň 15 sany tötänleýin, öz-özünden bolup bilýän alamatlary kesgitlenilýär.

Ünsüň jemlenmegi

Adamlar belli bir meselä uzak wagtlap ünsüni jemläp, töwerekdäki hereketlere, ýagdaýlara we seslere üns bermezden, möhüm maglumatlara üns bermegi başarýarlar.

Ýekeligi ileri tutýar

Ýalňyzlyk hakyky akylyň sussuny basyp bilmeýär. Şeýle adamlar özlerini islendik zat barada oýlanmakda sazlaşykly duýýarlar we pikirlerinde özlerini ýalňyz duýup, uly işleriň başyna barýarlar.

Ownuk zatlara-da jikme-jik üns berýärler

Akylly adama islendik ýagdaýy başdan ahyryna çenli seljermek we öz pikirini döretmek üçin her bir jikme-jik zatlara-da üns bermek zerur bolýar. Köp adamlar üçin bolsa giňden ýaýran stereotip ýa-da umumy kabul edilen pikir ýagdaýa baha bermek üçin ýeterlik diýlip düşünilýär.

Duýgudaşlyk ukyby

IQ derejesi has ýokary adamlar, adatça, ynsanperwerlige tapawutly ýykgyn edýärler, özlerini başgalaryň ýerine goýmagy başarýarlar, ýagny başga biriniň gaýgysyny we hasratyny başyndan geçiren ýaly duýup bilýärler.

Gatnaşjak adamlaryny üns bilen saýlaýar

Adam näçe akylly bolsa, dostlaryny we daşky gurşawyny saýlamakda şonça-da ünsli çemeleşýär. Şeýle adamlar pikirdeş ýoldaşlary bilen duşuşýança sosial taýdan işjeň däldirler.

Döredijilik haosy

Minnesota uniwersitetinde geçirilen ylmy barlagyň netijesine görä, işleýän wagty döredijilik haosyna ýykgyn edýän adamlar täze we döredijilikli ideýalary döredýärler.

Ajaýyp degişgenlik

Elbetde, bu 100% delil bolup bilmez, ýöne köplenç adamyň adaty däl derejede pikirlenýändigini görkezýär. Beýniniň frontal bölekleriniň aşagy degişme üçin jogap berýär, ol bolsa aňyň merkezi hasap edilýär.

Giň dünýägaraýyş

Daşary ýurt dillerini öwrenmegi ýa-da iş we durmuş üçin täze endikleri özleşdirmegi halaýan bolsaňyz, bu akylly adamyň aýdyň alamatydyr.

Boş wagtyň güýmenjesi

Gyzykly güýmenjä üns berip wagt geçirmek beýniňize dynç almaga we oňa gaýtadan işjeň güýje girişmäge mümkinçilik döredýär.

Mysal üçin, görnükli rus alymy Dmitriý Mendeleýew boş wagty çemodan ýasapdyr, ýazyjy Lew Tolstoý welosiped sürmegi we turnikde türgenleşmegi halapdyr.

Dogruçyllyk

Hakykaty aýtmagy halaýan bolsaňyz, näçe ajy bolsa-da, ýalany tankytlaýan bolsaňyz, bu IQ derejesiniň ýokarydygyny görkezýär.

Özüňe erk etmek

Eger siz sporty o diýen bir halamaýan bolsaňyz, onda-da onuň peýdalydygyna düşünýändigiňiz üçin maşk etmäge güýç tapjak boluň, şonda özüňizi intellektual adam diýip hasaplap bilersiňiz. Özüňi ele almak ukyby, özüňi dolandyrmak we gündelik işleri şähdaçyk halda ýerine ýetirmek ýokary derejeli aňyň alamatlarydyr.

«Özüne göwnüýetmezçilik sindromy»

Intellektual hünärleriň wekilleri üstünlikleriniň mynasypdygyna köplenç şübhelenýärler. «Özüňe göwnüýetmezçilik sindromy» bolan adamlar, gazananlaryny ussatlygyň we öndürijiligiň netijesi däl-de, eýsem ýagdaýlaryň bagtly tötänligi diýip hasaplaýarlar. IQ derejesi pes adamlar özlerini ynamly duýýarlar we özlerini hünärmen hasaplaýarlar, sebäbi özleriniň köp zady bilmeýändikleri barada pikirem etmeýärler.

Pişikleriň muşdagy

Pişikleriň muşdaklary has oýlanyşykly, çynlakaý we durmuşyň manysyny gözlemäge meýillidirler. Itleri söýüjiler bolsa has açyk we sosial taýdan uýgunlaşan bolýarlar.

Siz bilesigeliji

Albert Eýnşteýn bir gezek: «Mende aýratyn bir zehin ýok, diňe hyjuwly bilesigelijilik bar» — diýipdir. 2016-njy ýylda «Journal of Individual Differences» žurnalynda (2016) çap edilen barlag baradaky makalada çagalyk bilesigelijiligi bilen ululykdaky maglumat kabul edijiliginiň arasyndaky baglanyşyk ýüze çykaryldy.

Bilesigeliji adam bütin ömrüni öwrenip geçirýär, ol bilmäge höwesli bolýar.

Kitap we kino saýlamakda şahsy islegleriňiz

Diňe hakyky aň taýdan akylly adam mazmunyna, mowzugyna we manysyna görä kitap ýa-da film saýlar. Bu hili adam üçin meşhur blogçylaryň bahasy we maslahatlary hiç hili gyzykly däldir.

Bu alamatlaryň sizde haýsy biri bar, olaryň haýsysyny kämilleşdirip bilersiňiz? Özüňizi kämilleşdirmekden we hakyky özüňizi tapmakdan çekinmäň.

Peýdalanylan çeşmeler: hi-news.ru; yapokupayu.ru; adme.media; gurutest.ru; 1gai.ru; marieclaire.ru; kto-chto-gde.ru; nur.kz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar