Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Owganystanyň telekeçileri Türkmenistanyň biržasyndan hlorly natriý satyn aldylar

11:5315.04.2025
0
14445

14-nji aprelde daşary bazarda Owganystanyň telekeçileri «Türkmenhimiýa» Döwlet konserni bilen hlorly natriý satyn almak barada geleşik baglaşdylar – diýip, TDHÇMB-nyň saýtynda habar berilýär.

Şol gün içerki bazarda türkmen telekeçileri ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen portlandsementi satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň netijelerine görä, jemi bahasy 22 550 000,00 manat we 40 000,00 ABŞ-nyň dollaryna barabar bolan iki geleşik baglaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň