Turkmenportal logo
25.02.25
2170121701
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Start» messenjeri faýllaryň işleniş tizligini ýokarlandyrdy we funksionalyny giňeltdi
«Start» messenjeri faýllaryň işleniş tizligini ýokarlandyrdy we funksionalyny giňeltdi

«Start» messenjerini işläp düzüjiler platformanyň ozalkydan görnetin tapawutlanýan täzelenmesiniň çykandygyny habar berýärler. Täzelenmede faýllaryň işleniş tizligi 50% ýokarlandyryldy. Bu bolsa serwer optimizasiýasy we maglumatlary geçirmek tehnologiýalarynyň kämilleşdirilmegi netijesinde mümkin boldy.


Indi «Start» messenjerini ulanýanlar faýllary ýyldyrym çaltlygynda ýüklemekden we göçürmekden lezzet alyp bilerler. Kämilleşdirilen ulgamyň kömegi bilen göwrümi 100 MB-dan hem uly faýllar sähelçe salymyň içinde bökdençsiz ýüklenip bilner.


«Start» platformasy fotosuratlar, wideo, audio faýllar, şeýle hem PDF, Word hem-de Excel formatlaryndaky resminamalar ýaly köp sanly media faýllaryny göterýär. Ulanyjylar öz faýllaryny hilini hiç hili ýitirmezden paýlaşyp bilerler, bu bolsa, esasan-da, hünärmenler we ýokary hilli kontenti halaýanlar üçin möhümdir.


Ulanyjylar üçin giňeldilen mümkinçilikler


«Start» faýllar bilen işlemegi ýeňilleşdirmek üçin niýetlenen birnäçe özboluşly aýratynlyklary hödürleýär. Ulanyjylar «Saýlanan» sahypasyna faýllaryny goşup, programmanyň krossplatforma aýratynlygy esasynda islendik enjamdan öz hasabyna girip olary alyp bilerler. Bulut ammary bu messenjeriň hasaby gurnalan ähli enjamlaryň arasynda maglumatlaryň arabaglanyşygynyň bitewüleşdirilmegini üpjün edýär.


Messenjerde howpsuzlyk ileri tutulýar


«Start» platformasyny döredijiler ulanyjynyň maglumatlarynyň goralmagyna aýratyn üns berýärler. Ähli faýllar we habarlar şifrlemek arkaly iberilýär. Munuň özi olaryň ýokary derejede gizlin bolmagyny we rugsatsyz hiç kimiň girip bilmezligini üpjün edýär.


Uly göwrümli faýllar bilen işlemegiň peýdasy


Messenjer asylky hilini ýitirmezden prezentasiýalar, arhiwler we taslamalar ýaly uly göwrümli faýllary ibermäge mümkinçilik berýär. Bu, esasanam, iş we okuw meseleleri babatda örän amatlydyr. Mediýa faýllaryny asylky hilinde geçirmek mümkinçiligi döredijilik taslamalary we mediakontentler bilen işleýän hünärmenler üçin wajypdyr.


«Start» messenjeri faýllaryň işleniş tizligini ýokarlandyrdy we funksionalyny giňeltdi


Platformanyň iň esasy özboluşly aýratynlyklary


«Start» bulut ýatda saklaýyş ammary, möhüm faýllara çalt girmek üçin «Saýlanan» funksiýasy, dürli operasion ulgamlary goldaýandygy (Windows, Linux, macOS, Android we iOS), şeýle hem tizligi we işleýşiniň durnuklylygy bilen tapawutlanýar.


Messenjeri tmstart.com web saýtyndan ýa-da Google Play we App Store internet dükanlaryndan ýükläp alyp bolýar. Täze ulanyjylara 7 günlük tölegsiz Premium hasaba alynmak mümkinçiligi ýetirilýär.


Start — hat alyşmakda we faýllary paýlaşmakda siziň ygtybarly ýardamçyňyz!


Sosial ulgamlarda bize agza boluň

We iň täze habarlardan habarly boluň

youtube logotik tok logotwitter (X) logoX logoVk logoOk logo
«Start» messenjeri faýllaryň işleniş tizligini ýokarlandyrdy we funksionalyny giňeltdi