Ozal habar berşimiz ýaly, 17-18-nji fewralda Eýranyň paýtagty Tähranda üçünji Hazar ykdysady forumy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.
Wise-premýer H.Geldimyradow forumda eden çykyşynda Türkmenistanyň sebitiň ýurtlarynyň bilelikdäki hyzmatdaşlygyny goldaýandygyny, bu hyzmatdaşlygyň ykdysady ösüş nukdaýnazaryndan gülläp ösýän sebiti döretmäge ýardam etjekdigini belledi. Bu barada «ISNA» habarlar agentligi habar berdi.
Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Hazar deňziniň nebitiň we gazyň baý gorlaryna eýedigini nygtap, sebitiň zerur infrastrukturasyny döretmek üçin täze maýa goýumlaryň goýulmalydygyny aýtdy. Şeýle-de Hazar deňzinde milli gaz geçirijisiniň döredilmeginiň sebitiň howpsuzlygynyň we ösüşiniň ilerlemegine itergi berjekdigini belledi.
«Şeýle forumlar sebitiň ýurtlary üçin durnukly ösüş, syýasy we ykdysady hyzmatdaşlyk ugurlarynda uly mümkinçilikleri açýar, şeýle hem dürli ykdysady ugurlarda hyzmatdaşlygyň administratiw proseslerini ilerletmäge ýardam edýär» diýip, H.Geldimyradow sözüniň üstüni ýetirdi.
Mundan başga-da, Hazarüsti ulag geçelgesiniň taslamasynyň Ýewropa bilen işjeň we talabalaýyk baglanyşyk mehanizmini üpjün edip biljekdigi, netijede harytlaryň akymyny ýeňilleşdirjek bilelikdäki logistika merkezleriniň we platformalarynyň döredilmeginiň mümkinçiligini öwrenmäge ýol açyljakdygy nygtaldy.
H.Geldimyradow çykyşynyň ahyrynda forumyň guramaçysy hökmünde eýran tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Forumyň çäklerinde üçünji Hazar ykdysady formyna gatnaşýan türkmen wekiliýeti Eýranyň ylmy-tehniki gazananlarynyň sergisine hem aýlanyp gördi.