Turkmenportal logo
18.02.25
1665516655
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Türki döwletler bilen parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirýär
Türkmenistan Türki döwletler bilen parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirýär Surat: mejlis.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen Türki döwletleriň Parlamentara Daşary işler komissiýalarynyň nobatdaky duşuşygyna gatnaşdy.


Türkmenistanyň Mejlisiniň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda Türki döwletleriň hyzmatdaşlygyny Parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem döwletara ylalaşyklaryň we türki dünýäsine degişli halkara resminamalaryň parlamentler tarapyndan ileri tutulmagy, beýleki halkara parlament meýdançalarynda hyzmatdaşlyk etmegiň dürli ugurlary boýunça pikir alşyldy.


Türkmen tarapy öz gezeginde 2025-nji – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän bu duşuşygyň parlamentara dialogy berkitmekdäki ähmiýetini belledi. Türkmen wekiliýeti türki döwletleriň parlamentara hyzmatdaşlygyny mazmun taýdan baýlaşdyrmakda we kämilleşdirmekde parlamentleriň ugurdaş komitetleriniň, ýaş deputatlaryň we zenan parlamentarileriň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Sosial ulgamlarda bize agza boluň

We iň täze habarlardan habarly boluň

youtube logotik tok logotwitter (X) logoX logoVk logoOk logo
Türkmenistan Türki döwletler bilen parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirýär