Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

BDU 2025-2026-njy okuw ýyly üçin türkmenistanly dalaşgärleri kabul edýär

17:0817.01.2025
0
38399

Belarus döwlet uniwersiteti (BDU) 2025-2026-njy okuw ýyly üçin türkmenistanly dalaşgärleri kabul ediş çäreleriniň başlanandygyny habar berýär. Ýerleriň sanynyň çäklidigi sebäpli, häzirki wagtda resminamalaryň deslapky tabşyrylyşy badalga aldy.

Rus dili boýunça geçirilýän seçip alyş söhbetdeşligine gatnaşmak üçin, ilki bilen, BDU-nyň Türkmenistandaky resmi wekilligi bolan «A1» kompaniýasynyň ofisinde hasaba alynmaly. Aşgabatda uniwersitetiň kabul ediş komitetiniň agzalary bilen boljak söhbetdeşlik iýun aýynyň birinji ýarymynda geçiriler. Şonda dalaşgärler okuwa girmek bilen bagly giňişleýin maglumat alyp we özlerini gyzyklandyrýan sowallary berip bilerler.

BDU-nyň diplomlarynyň Türkmenistanda resmi taýdan ykrar edilendigini bellemek gerekdir. Bu bolsa uçurymlara bilimini dowam etdirmek we öz ýurdunda işlemek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

BDU dünýäniň uniwersitetleriniň arasynda şu artykmaçlyklary bilen tapawutlanýar:

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanylýan uniwersitetleriň sanawyna girýär;

Dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň ilkinji 1%-ine degişli;

Ýokary hünär derejeli mugallymlar düzümine eýedir;

28 fakultetde 80 hünär hödürleýär;

Häzirki zaman infrastrukturasy bar.

BDU-nyň fakultetleri:

Mehanika we matematika fakulteti;

Amaly matematika we informatika fakulteti;

Fizika fakulteti;

Radiofizika we kompýuter tehnologiýalary fakulteti;

Himiýa fakulteti;

Biologiýa fakulteti;

Hukuk fakulteti ;

Žurnalistika fakulteti;

Taryh fakulteti;

Ykdysadyýet fakulteti;

Filosofiýa we jemgyýetçilik ylymlary fakulteti;

Halkara gatnaşyklar fakulteti;

Filologiýa fakulteti;

Sosial-medeni aragatnaşyk fakulteti;

Geografiýa we geoinformatika fakulteti.

Uniwersitet daşary ýurtly talyplaryň ählisine 10 sany ýaşaýyş jaýyndan ybarat bolan häzirki zaman talyplar şäherjiginde ýaşamak üçin ýerleri kepillendirýär. Bu toplum rahat ýaşamak we okamak üçin zerur bolan ähli zatlar — aşhanalar, kir ýuwulýan ýerler, okuw otaglary hem-de internet bilen enjamlaşdyrylandyr. Talyplara sport bilen meşgullanmak we dynç almak üçin hem ösen infrastruktura elýeterlidir.

Maslahat almak we okuwyň resminamalaryny düzetmek üçin şu salgylara ýüz tutup bilersiňiz:

Telefon belgileri: (+993 62) 02 30 84, (+993 71) 43 30 88;

Elektron poçta salgysy: bitevihyzmat@gmail.com, bsustudent2024@mail.ru;

Sosial media ulgamyndaky resmi sahypasy.

«A1» wekilligi dalaşgärleriň okuwa girmeginiň ähli tapgyrlarynda, şeýle-de Belarusda okaýan wagtlarynda hem ähli zerur ýardamy berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň