Turkmenportal logo
01.02.24
3711337113
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Arkadag» 2024-nji ýyldaky ilkinji oýnunda ýeňiş gazandy
«Arkadag» 2024-nji ýyldaky ilkinji oýnunda ýeňiş gazandy

«Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň täze möwsümine taýýarlygyň çäklerinde ilkinji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Duşuşyk Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde bolup geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.


Wladimir Baýramowyň tälim alýan topar 2024-nji ýyldaky ilkinji ýoldaşlyk duşuşygynda Demirgazyk Makedoniýanyň «Wardar» kluby bilen güýç synanyşyp, 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Oýundaky ýeke-täk gol Altymyrat Annadurdyýewiň adyna ýazyldy.


Ýeri gelende bellesek, «Arkadag» futbol kluby 2023-nji ýylyň aprel aýynda esaslandyryldy. Ol geçen möwsümde Türkmenistanyň çempionatynda 24 oýnyň ählisini ýeňiş bilen tamamlap, ýurduň çempiony boldy. Şeýle-de, «Arkadag» futbol kluby Türkmenistanyň Kubogynyň finalynda «Ahaly» 3:0 hasabynda utup, baş baýraga mynasyp boldy.


«Arkadag» topary bu möwsümde hem çempionlyk titulyny goramak üçin ykjam taýýarlyk görýär. Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň täze möwsümi 4-nji martda başlanar.

Afişa

Makalalar

«Arkadag» 2024-nji ýyldaky ilkinji oýnunda ýeňiş gazandy