Soňky habarlar

Arhiw

Daşary ýurt dilleri boýunça döwlet bäsleşigi geçiriler

18:4803.02.2023
0
51201

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan bellige alynmagy esasynda eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli gönüşdäki gysga möhletli okuwlary guraýan bilim edaralarynda okaýanlaryň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça döwlet bäsleşigini geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşirinde habar berildi.

Döwlet bäsleşiginiň birinji tapgyryny okuw merkezlerinde, şu ýylyň 12-nji fewralynda, Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty boýunça Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Balkan welaýaty boýunça Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat şäherindäki bölüminde, Daşoguz welaýaty boýunça Türkmen oba hojalyk institutynda, Lebap welaýaty boýunça Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda, Mary welaýaty boýunça Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda geçiriler.

Birinji tapgyrda öz başarjaňlygyny görkezip, ýokary netije gazanan okuw merkezleri emin agzalary tarapyndan 2-nji tapgyra gatnaşarlar we ýeňiji bolanlar 3-nji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanarlar. Döwlet bäsleşiginiň ikinji tapgyry 2023-nji ýylyň 26-njy fewralynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçiriler.

Esasy tapgyry bolan bäsleşigiň üçünji jemleýji tapgyryny 2023-nji ýylyň 19-njy martynda geçirmek göz öňünde tutulýar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +(99312) 44-84-00/ 44-84-52.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň