Soňky habarlar

Arhiw

Super agyr agramdaky absolýut çempionlyk tutluşygynyň senesi belli boldy

17:3303.02.2023
0
31008
Super agyr agramdaky absolýut çempionlyk tutluşygynyň senesi belli boldy
Surat: rsport.ria.ru

Professional boksuň super agyr agramynda absolýut çempionlyk söweşiniň geçiriljek senesi mälim boldy. Has takygy, super agyr agramda WBA Super, IBF, WBO we IBO çempionlyk guşaklarynyň eýesi ukrainaly Aleksandr Usik bilen şu agramda WBC çempionlyk guşagyny özünde saklaýan britaniýaly Taýson Fýuriniň arasynda boljak absolýut çempionlyk tutluşygy 29-njy aprelde geçiriler. Bu barada Fýuriniň promouteri Frenk Uorren mälim etdi.

Super agyr agramdaky absolýut çempionlyk tutluşygynyň geçiriljek ýeri ýakyn wagtda mälim ediler.

Ýeri gelende bellesek, Aleksandr Usik özüniň soňky tutluşygynda Entoni Joşuany eminleriň çykaran karary esasynda ýeňip, çempionlyk guşaklaryny özünde saklap galypdy. Taýson Fýuri bolsa soňky söweşinde Derek Çisorany ýeňlişe sezewar edip, karýerasyndaky 33-nji ýeňşini gazanypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň