Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistanda aýallaryň saglygy we maşgaladaky ýagdaýy baradaky synyň» netijeleri bilen tanyşdyrmak boýunça duşuşyk geçirildi

20:2626.08.2022
0
27286

«Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmenistanda aýallaryň saglygy we maşgaladaky ýagdaýy baradaky synyň» netijeleri bilen tanyşdyrmak boýunça duşuşyk geçirildi. Oňa halkara guramalaryň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ylmy institutlaryň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada ÝUNFPA-nyň metbugat beýanatynda habar berildi.

Duşuşykda beýan edilişi ýaly, «Türkmenistanda aýallaryň saglygy we maşgaladaky ýagdaýy baradaky syn» Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasy (ÝUNFPA) bilen bilelikde, halkara ülňülere, şol sanda BSGG-niň usulyýetine görä, ýurt boýunça 3500 hojalygyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Bu syn «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» wezipeleriniň çäginde 2020-nji ýylda geçirildi. Gender deňligi, şeýle hem aýallaryň we çagalaryň saglygy baradaky maglumatlaryň ýygnalmagy we seljerilmegi, döwlet syýasatynyň işlenip düzülmegine, durmuşa geçirilmegine goldaw bermek, bu meseläni ylmy barlaglaryň esasynda düýpli öwrenmegi höweslendirmek hem-de bu mesele barada jemgyýetçiligiň habarlylygyny ýokarlandyrmak üçin zerurdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň