Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

BMW kuwwaty 500 at güýjüne barabar elektrokary tanyşdyrdy

22:1511.11.2020
0
1240

Germaniýanyň BMW kompaniýasy dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän SUV ulagyny tanyşdyrdy. Kuwwaty 500 at güýjüne barabar bolan “BMW iX” ulagyny tanyşdyrdy. Geljek ýyl satuwa çykarylmagyna garaşylýar. Beýleki BMW kompaniýasy modelleri ýaly uly howa çekijileri bolan “BMW iX” hemişe internete birigip durýar we ýarym awtomat bolmagy bilen tapawutlanýar. Ulagyň daşky ölçegleri beýleki modellere meňzeýär. Ulagyň uzynlygy X5 bilen, beýikligi X6 we tigirleri X7 bilen deň. Elektroulag sürüş we howpsuzlyk üçin gerekli sensor, kamera we enjamlar bilen üpjün edilipdir. Ulagyň içki dizaýnynda hem ýokary tehnologiýa bilen üpjün edilipdir. Ulagyň 0-100 km/s tizlige ýetmegi üçin 5 sekunt ýetýär. Ulag bir gezekki zarýady bilen 480 kilometre ýetýär. Bu görkeziji sürüşe baglylykda 600 kilometre ýetýär. BMW iX-e 70 göterime çenli zarýad bermek üçin 40 minut ýeterlikdigi bellenilýär. 10 minutda zarýad bilen 120 kilometr ýol geçýändigi bellenýär. Ulagyň 2021-nji ýylyň ikinji ýarymynda önümçiligine başlanjakdygy we ýylyň ahyrynda satuwa çykaryljakdygy mälim edildi. Elektrokaryň bahasy malim edilmedi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň