Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutyna okuwa kabul edişlik yglan edildi

0
47865
Address:
Aşgabat şäheriniň 2052-nji (Esgerler) köçesiniň 9-njy jaýy.
Phone:
36-45-17, 36-44-97.
Last update:

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutyna okuwa çagyrýarys

Türkmenistanyň içeri işler edaralary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, ministrligiň institutyna okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalarynyň kabul edilip başlanandygyny habar berýäris.

1. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutyna içeri işler edaralarynyň işgärlerine bildirýän talaplara doly gabat gelýän, orta we orta hünär bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, 2020-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli 26 ýaşy dolmaýan erkek raýatlar kabul edilýär.

2. Institutyň şu aşakdaky fakultetlerine okuwa kabul edilýär:

— hukuk fakulteti;

— ýörite edaralar fakulteti;

— ýangyn-tehniki fakulteti;

— içerki goşunlar fakulteti.

3. Dalaşgärleriň resminamalary institutyň okuw merkezinde kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin salgymyz: Aşgabat şäheriniň 2052-nji (Esgerler) köçesiniň 9-njy jaýy.

Telefonlary: 36-45-17, 36-44-97.

If you notice an error in the text, please select it and press < strong> Ctrl + Enter

Comments
To leave a comment, log in or register
By topic